berlenden hünärmeniň jaň etmegine çenli
Kompaniýa barada
«YLHAMLY TURKMEN» – Türkmenistanyň çäginde farmasewtik kompaniýalaryñ marketing işini we wekilçilik wezipelerini gurnamagy kämilleşdirmekde maslahat beriş hyzmatlarynyñ doly toplumyny edýär. Şeýle hem kadalaşdyryjy guramalar bilen işlemekde maslahatlar we goldaw.
Biziñ müşderilerimiz – bu farmasewtik kompaniýalar, önümçilik kärhanalar, dermanhana edaralary, hususy hassahanalar we saglygy goraýyş çygrynda beýleki guramalar. Biziñ toparymyz – farmasewtik işewürliginiñ ýöriteleşmesini çuññur düşünýän ýokary derejeli hünärmenler.
Jikme-jikBiziň teklibimiz
01 Bähbitlere wekilçilik
HK Ylhamly Türkmen, Türkmenistanda derman serişdelerini bellige almaga gönükdirilen maslahat beriş we kadalaşdyryjy işlere ýöriteleşdirilen kompaniýa bolan, Türkmenistanda MARKETING AUTHORIZATION HOLDER «turnkey» hyzmatyny hödürleýär.
Derman serişdelerini bellige almagyň eýeleriniň bähbitlerini wekilçilik etmek daşary ýurt derman kompaniýalaryna öz ýuridik şahsyny döretmezden, öz önümlerini resmi taýdan bellige almaga we tanyttyrmaga mümkinçilik berýär.
Bu hyzmat öndürijileri we daşary ýurt derman kompaniýalaryny aşakdakylardan boşadýar:
- dermanlary, lukmançylyk enjamlaryny bellige aldyrylanda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty ministrliginiň ýanyndaky Derman serişdelerini bellige almak we hil gözegçiligi boýunça döwlet merkezi bilen özara gatnaşyk etmek.
- resminama taýýarlamak, dosýe modullaryny taýýarlamak we uýgunlaşdyrmak, hatlary we arzalary, niýet hatlaryny taýarlamak we tabşyrmak, bellige alyş dosýesini milli dilde, rus ýa-da iňlis dilinde taýarlap gözden geçirmek.
- Döwlet bellige alyş şahadatnamasyny (5 ýyl möhlet bilen berilýär), gaýtadan bellige alyş amallaryny we üýtgetmeleri almak üçin goldaw.
- farmakogözegçilik we bellige alyşdan soňky gözegçilik. «HK Ylhamly Türkmen» Türkmenistanda derman serişdeleriniň howpsuzlygy we hili üçin ýerli kadalaşdyryjy talaplary ýerine ýetirmäge kömek edýär.
02 Konsultatiw kömegi
- Türkmenistanyň çäginde farmasewtik kompaniýalaryň wekilçilik we marketing işini gurnamak we ýöretmek boýunça maslahat beriş hyzmatlaryny etmek
- Ýaşaýyş üçin wajyp derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri satyn almaga bäsleşiklere gatnaşmak boýunça maslahat bermek
- Farmasewtik kompaniýalaryň wekilçilik işini maslahat bermek we goldamak
- Hukuk maslahatlar
03 Goldaw
- Farmasewtik önümleri hasaba almak üçin konsultatiw kömegi (substansiýalar, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatly önümler, lukmançylyk tehnikasy). Derman serişdeleriň hasaba alyş resminamalaryna üýtgeşmeleri girizmek
04 Taýýarlamak
- Farmasewtik kompaniýalaryň işgärlerini lukmançylyk wekilleri hökmünde işlemäge taýýarlamak
- Farmasewtika işi boýunça resminamalaryň terjimeleri